Dünýädäki iň uzyn ulagy häzirki wagtda 30.54 metrdir. 1986-njy ýylda 18,28 metr uzynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren "Amerikan arzuwy" limuzini has-da uzyn boldy. Içinde bir kaşaň öýde bolup biljek ähli aýratynlyklary, ýagny žakuzi, kiçi golf meýdançasy, howuz ýaly ajaýyp aýratynlyklara eýe bolan limuziniň täze uzynlygy 30.54 metrdir. Bir wagtyň özünde 75 adamyň münüp bilýän ulagynda 26 tigir bar. Dünýäde öndürilen adaty awtoulaglaryň uzynlygy 3,6 bilen 4,2 metr aralygyndadygyny göz öňünde tutulanda, ortaça uzynlygy 9 awtoulag bolan "Amerikan arzuwy" limuzinini iki tarapdan hem sürüp bolýar. Kaliforniýada meşhur awtoulag öndürijisi Jeý Ohrberg tarapyndan ilkinji gezek 1986-njy ýylda ýasalan bu ulagyň iki gapdalynda V8 hereketlendirijisi bar.



Sport, sᴛᴀᴛᴇ tarapyndan 00

  • danger danger off № 1 21 сентября 2022 06:56
    Taxi etseñ sazboljak eken
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 2 21 сентября 2022 08:36
    Çatrykda öwrülip bilýän däldir bul onda
    Jogap
  • FanB FanB off № 3 21 сентября 2022 09:18
    Jakuzi golf meydancany howzy 75 sany adamy goterip bir bilyamika
    Jogap
  • Victus Victus off № 4 21 сентября 2022 14:49
    Tom jerry daki basy barda siny gelman gecuan lumizinmi su
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика