Gün geler, ajalam gapyny kakar
Ol ulydyr kiçi, hemmä-de belet
Her kimem panyda öz ornun tapar
Kimler sogap tapar, günäni çapar
Kimleriň gözüni haramlyk ýapar
Sogaply Çarymy?
Günäli Meret?
Alla ugrukdyrar, saýlawyň döret!
Ýaşanňa degdimi?
Yzyňa seret!

Gün geler, ajalam gapyny kakar
Gowylar ir gidýärmi?
Ýa-da erbet?
Her kimem panyda öz ornun tapar
Erbetler özüniň ömrüni ýakar
Gowylar gowlugy döşüne dakar
Köpleriň kalbynda ýagşylyk ýer et!
Alla ugrukdyrar, saýlawyň döret!
Ýaşanňa degdimi?
Geljege seret!


Ylham GURBANALYÝEW



Edebiýat, Venus23 tarapyndan 49

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика