Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Bu bolşuňy mundan beýläk ýeň boldy
Aglamadym berlen çapraz ykbala,
Güldüm gülmedik durmuşa -
Geň gördi.

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Ýalňyşlarmy çözmekçidim sençeräk
Çakyşdyryp gamdan doly badany,
Ruhuň bilen gussa iýdim çemçeläp

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Haýra ýordum bolanlaryň baryny
Güýze döndi geçip giden baharym,
Tomus aldym gyşyň berjek garyny

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Pikirlerim ýalňyzlygy gurnaşýar.
Sensiz günler hiç bolmajak ýalydy,
Boljak eken, durmuşyma ornaşýar...


Ylham GURBANALYÝEW
(21.09.22)



Edebiýat, Venus23 tarapyndan 02

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика