Tuflimiň sesine ýüregmi deňläp,
Bu günem ýene-de howlugýan işe.
Ertiriň säheri ajaýyp neneň!
Eý, Hudaý!
Agşamky gussadan galmandyr nyşan.

Ilki salam berýän juda ulumsa,
Ýadyrgamok häzir sowuk nazardan.
Lak atýan ýoldaky eýjejik çaga.
Gül bolan bolsady, eger-de, göwnüm
paýlasym gelerdi her bir ynsana.

Howaň sowuklygam sussum basanok,
Seredip göge ..
Garym-gatym bulutlary sermeýän,
Ýodajyk ýasaýan ýörärim ýaly.
Gör-le, muny?!
Gussam ýeňläberse uçjak ekenim.

Soňam batly ses bilen:
"Adamlar!
Men Sizi söýýän ekenim".
"Allajanym, kesä çekmäbilsedi..."
(Wiý, bu sözi içimden diýdim-ä!!!)

Bilbil KAKABAÝEWA.




Edebiýat, garaburc tarapyndan 52

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика