1.Rimiň taryhynyň esasy döwürleri. Gadymy döwürde Rim – bu diňe bir şäheriň ady bolman, ol döwletiň hem ady bolupdyr. Gadymy Rimiň
araçäkleri dürl döwürde dürli möçberde bolupdyr. B.e.öň VI-IV asyrlarda ol Apennin ýarym adasynyň
merkezi böleginde ýerleşipdir. B.e.öň III asyryň ahyrynda Gadymy Rim Orta ýer deňziniň Günbatarynda iň
güýçl gul eýeçilik döwlete öwrülpdir. B.e.I-II asyrlarynda ol ägirt uly imperiýa bolup, orta ýer deňziniň ähli
kenarlarynda ýerleşmek bilen, Ýewropanyň Günbatar we Günorta Gündogar ýerleri, Demirgazyk Afrika we
Alynky Gündogar onuň düzümine giripdir. Gadymy Rimiň taryhy aşakdaky ýaly döwürleri öz içine alýar:
1. B.e.öň VIII- VI asyrlar. Italiýanyň iň gadymy taryhy. (Rimde patyşalyk döwri).
2. B.e.öň VI-III asyrlar. Irki gulçulyk jemgyýeti. Rimiň Italiýany basyp almagy. (Irki respublika döwr).
3. B.e.öň II-I asyrlar. Italiýada gul eýeçilik gatnaşyklarynyň gülläp ösmegi. Rimiň Ortaýer deňiz döwletine
öwrülmegi. (Giçki Respublika).
4. I-II asyrlar. Ortaýer deňiz sebtinde gul eýeçilik gatnaşyklarynyň gülläp ösmegi. Irki Rim imperiýasy
(prinsipat).
5. III asyr. Gul eýeçilik gatnaşyklarynyň umumy çökgünligi. Ortaýer deňiz Rim imperiýasyna dargamak
howpunyň abanmagy.
6. IV-V asyrlar. Gulçulygyň dargamagy. Giçki Rim imperiýasy (Dominat).
2.Rimiň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy. Dil, ýazuw ýadygärlikleri, maddy medeniýetiň ýadygärlikleri ýaly dürli taryhy çeşmeler Gadymy Rimiň
taryhyny öwrenmäge kömek edýärler.
Italiýada paleolit, neolit döwürlerinde adamlaryň ýaşandygyny arheologlar subut etdiler. Rimiň taryhynyň
patyşalyk we respublika döwrüniň maddy çeşmelerine Italiýanyň dürli ýerlerinde tapylan ybadathanalar,
arystanlyklar, guburlardaky şekiller, zatlar, gadyjmy etrusklaryň şäherleri (Spina, Pirgi), Akwa Rossanyň
ýakynyndan tapylan etrusklaryň ýaşaýyş jaýlary, Rim şäheriniň arheologik ýadygärlikleri, numizmatiki
maglumatlar we ş.m. degişlidir. Epigrafiki ýazuw ýadygärlkleriniň iň gadymysy Iskýa adasyndan tapylan grek
ýazgylarydyr. Olar b.e.öň VIII asyra degişlidir. B.e.öň VII asyrdan başlap, Etruriýanyň Toskana, Padana
ýerlerinde, Zasiýada, Kompaniýada etrusk ýazgylary peýda bolupdyr. Iň gadymy latyn ýazgysy forumda
Romulyň mazarydyr öýdülýän ýerde daş plitadaky ýa-da Gara daşyň ýazgylarydyr. Irki ýazgylaryň gadymy
Italiýanyň medeniýetiniň we dininiň ösüşine grek we etrusk täsiriniň bolandygyny subut edýärler. Antik
ýazyjylarynyň eserleriniň hem uly ähmiýeti bardyr. Häzirki döwre b.e.öň III asyrdan öňki tekstler gelip
ýetmändir. Ýöne soňky ýazgylarda iň gadymy döwürler barada gürrüňler berilýär. Grekler uzak
Gesperiýadaky (Agşamky, Günbatar ýurt) ýagny Italiýadaky wakalara seslenipdirler.
Resmi ýazuw ýadygärliklerine patyşa kanunlary, Rimiň beýleki şäherler we döwletler şertnamalary,
pontifikleriň ýyl ýazgylary, şol sanda, b.e.öň 130-njy ýyl töwereginde beýik pontifik (dini bastutan) P.Musiý
Ssewola tarapyndan çap edilen 80 kitapdan ybarat “Beýik annallar” (annus lat.ýyl) degişlidir.
B.e.öň III asyrda ýaşan birnäçe rim şahyrlary we kyssaçylary Rimiň geçmişini wasp edipdirler. Olara Gneý
Newiý, Enniý, kw. Fabiý, Piktor, M.Porsiý Katon Ulusy we ş.m degişlidir. Bulara uly annalçylar diýilýär. B.e.öň
II asyryň ahyrlarynda I asyryň I ýarymynda ýazan anallaçylara kiçi annalçylar diýilýär. Olar öňküleriň
ýazanlarynyň üstüni doldurypdyrlar. Annalçylaryň eserleri gelip ýetmändir. Ýöne olardan peýdalanyp ýazan
antik awtorlaryň eserleri saklanyp galypdyr.
Grek Polibiý (b.e.öň 201-120 ý) Rimde girew hökmünde 16 ýyl ýaşap 40 kitapdan durýan “Ählumumy taryh”
diýen işinde Puni uruşlarynyň döwri barada beýan edipdir. Rimiň üstünlikleriniň sebäplerini ol döwlet
gurluşyndaky monarhiýanyň ariskratiýanyň we demokratiýanyň utgaşdyrylmasynda görüpdir. Grek
Posidoniý, Diodor Sisiliýaly Rim barada öz işlerinde beýan edipdirler.
Rimiň hususy taryhy barada Tit Ziwiý (“Rim gadymylyklary” – 20 kitap), Dion Kassiý Kokseýýan (“Rim taryhy”-
80 kitap), Appian (“Rim taryhy”-24 kitap). L.Anneý Flor, Awreliý Wiktor, Ýewtropiý, G.Sallýustiý, Gaý Ýuliý
Sezar, Mark Tulliý Siseron we beýlekiler birnäçe işlerini ýazypdyrlar. Gaý Swetoniý Trankwill (b.e.öň II a) rim
hökümdarlarynyň 12-niň terjimahalyny ýazypdyr.
Bulardan başga-da Terensiý Warronyň, Werriý Flakkyň (düşündirişli sözlük), uly Plininiň (“Tebigy taryh”)
işleri çeşme hökmünde uly ähmiýete eýedir. Ýörite edebiýatlardan oba hojalygy barada Katonyň we
Warronyň (b.e.öň II-I a) eserleri saklanyp galypdyr. Olar ykdysadyýet, durmuş ýagdaýlary barada baý
maglumatlar berýärler.
Strabonyň “Geografiýasynda” geografiki, ykdysady, taryhy, etnografiki maglumatlar ýygnalypdyr. Ilatyň
düzümi, hojalyk, dolandyryş ulgamy, kazyýet işleri, din barada patyşa we respublika döwürlerinde degişli
bolan XII jedwel kanunlary möhüm çeşmedir.
Imperiýa döwrüniň taryhy boýunça maddy medeniýetiň ýadygärliklerine häzirki Rimiň imperatorlaryň
döwrüne degişli harabalyklary tutuşlygyna girýär. Olara köpsanly mermer meýdançalar, Awgustyň,
Wespasianyň, Taýanyň we beýlekileriň forumlary, dürli ybadathanalar, sütünler, relýef şekilleri, termler
(hammamlar), teatrlar, amfiteatrlar (olaryň iň ulusy) Kolizeý, imperatorlaryň köşkleri, heýkeller,
guburhanalar, Rimde gurlan şäher diwarlary, stadionlar we ş.m degişlidir.
Rim Italiýasynyň ykdysadyýeti, durmuşy we medeniýeti Ostiýa, Pompeý, Gerkulanum Staliý we beýleki
şäherlerde geçirilen barlaglar netijesinde öwrenilýär. Numizmatiki maglumatlar hem jemgyýetiň ykdysady
ýagdaýyny öwrenmäge, wagtyny anyklamaga mümkinçilik berýär.
Imperiýa döwrüniň ýazgylary hem durmuşyň dürli taraplaryny şöhlelendirýär. Imperator ýazgylarynyň içinde
Oktawian Awgustyň terjimehaly, Tiberiniň döwründäki saýlaw özgerdişleri, Wespasianyň kanunlary we
beýlekiler has möhüm çeşmedirler. Imperiýa döwrüni öwrenmek üçin Müsüriň papiruslary, 301-nji ýylda
çykarylan Kiçi Aziýadan, Müsürden we beýleki ýerlerden Diokletianyň bahalar baradaky edileti Karakallanyň
edileti (welaýatlardaky ýaşaýjylara Rim raýatlygyny bermek barada) çeşmeler bolup bilýärler.
Buladan başga-da köp sanly ýazuw çeşmeleri, taryhy eserler saklanyp galypdyr. Olara Liwiniň işleri,
Paterkullyň, Josif Flawiniň (“Iudeýa urşy”), Korneleý Tasidiň (“Taryh”-14 kitap, “Annalar” – 16 kitap),
Ammian Marseliniň (“Işler” - 31 kitap) eserleri, terjimehal görnüşindäki eserler (Plutarhyň, Gaý Swetoniý
Trankwilliň, Sekst Awreliý Wiktoryň, Tasidiň eserleri) degişlidir.



Bilim, Mylayymzada tarapyndan 54

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика