Bir gezek şeýleräk sowa berdiler:
,,Dünýede mukaddes iki zat näme?"
Pikir edip, jogap gözläp durmadym,
Jogap berdim:,,Olar-ata we ene"

Ýene-de şeýleräk sowal berdiler:
,,Dünýäde mukaddes iki keleme...?"
Jogap berdim: ,,Beýik Tañrydan soñra
Bu iki keleme-ata we ene"

Soñ-soñlar ýene-de sowal berdiler:
,,Iñ uly ejizlik düşdi kimlere?''
,,Öz balasy özüne elgöterse,
Iñ ejiz adamlar-ata we ene".

Soñra bolsa hiç kim sowal bermedi,
Emma welin jogap berdim men ýene:
,,Ynsanlar, bu uly Dünýäñ manysy
Iki sözde, olar-ata we ene".

Maksat Seýitliýew.



Edebiýat, Mylayymzada tarapyndan 32

  • picasso picasso off № 1 21 сентября 2022 23:36
    Enene yalbarsan kemeler ahy
    Atana yalbarsan galkynar ruhy
    Kim etse solara tagzym diydiler
    Isi rowach yasy uzyn diydiler

    K.G.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика