Diýselerde:" Adam-adamdan kem däl",
Ykballar meňzeş däl, rysgallar deň däl,
Ýeňlesden-ýeňlesiň çykmagy kyn däl,
Akylly akylsyz dälden döreýär.

Däri-derman öner ýüz dürli otdan,
Namys dörär utanç bilen uýatdan,
Iň nurana zatlar, iň ak niýetler,
Bela-beter gara pälden döreýär.

Näz bar, zar bar Bilbil guşuň sesinde,
Gudrat gördüm ýazyň dogran gülünde.
Şahyrana zenanlaryň elinde,
Haly täsin-täsin gölden döreýär.

Damarda at çapsyn gyzgyn ganymyz!
Baýlyk näme...? Sagja bolsun janymyz.
Saçagyn gelşigi mele nanymyz ,
Der saçylan atyz-çilden döreýär.

Ajaýyp nusgalar görersiň ilde,
Geň zatlar sataşar bu agyr ýolda,
Işiň gaýtsa duşman daşardan däl-de,
Öz öýüň içinde duldan döreýar.

Päliň düzet! Niýetiňi Nur eyle!
Göwünleri gyrawlatma gor eýle!
Bardan-bar etmek hiç, ýokdan bar eýle!
Adamyň özi-de noldan döreýär!!!



Edebiýat, Mylayymzada tarapyndan 30

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика