Halypam,
arzym bar,
namart pelegiň döwünden pes geldi
oýny şägirdiň,
Ejizlesem bir maralyň ugrunda,
Haýyş, meni bagyşlawer ägirdim!

Seň ýüzüňi ýere salmak netim ýok,
Hetdim bolmaz nem salmaga gözüňe,
Dünýäm ýykylanny nädip aýdaýyn?
Şol gözeliň "meni unut" sözüne.

Hossar ýüregiňden diläpdiň maňa,
Özüňdenem belent daga çykarmy.
"Tamalarňy tala daňan" ogluň men,
Saýlap alan hasratlaryň çukurny.

Sokur gözden ýaş çykaran gijeleň
gussasyn söýmedik aňmaýan eken.
Undup gidenler-ä bagtly ýaly,
Munda undulanlar aglaýan eken...

Maksat ESENOW.



Edebiýat, Massimus tarapyndan 33

  • Aksary Aksary on № 1 22 сентября 2022 07:34
    Örtäber örtäniñ ýazyp goýaryn
    Men heniz başyny çarajak oglan
    Bagty çüwen dälde asyl taryhda
    Galypdyr örtenen Garajaoglan

    Ýananlar iru giç ýatlanyar eken
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 2 22 сентября 2022 14:42
    Undup gidenler-ä bagtly ýaly,
    Munda undulanlar aglaýan eken...

    täsirlendim
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика