Mary welaýaty / Tagtabazar.
"Ýeke gowak" Türkmenistanyň iň täsin ýerlerinden biri. Aýdyşlaryna görä gowagyň nirede gutarýandygy belli däl. Häzirki wagtda saklanyp galan ýerinde ýylyň ähli paslynda howanyň temperaturasy 17-18 gradus maýyl bolýar. Daşarda 50 gradus yssy bolsun, 10 gradus sowuk bolsun gowagyň içinde howa hemişe 17/18 gradus bolýar, içine näçe adam bolup girseňem hiç hili howa ýetmezçiligi ýüze çykanok. Aýdyşlaryna görä gowakdan aşakda ýene 6 etaž bar gowagyň içinden gidip Murgap derýadan suw alyp bolýan ýerleri hem bar, emma bular biziň häzirki günlerimize çenli saklanyp galmandyr we gowagyň aşaky gatyna girmek gadagan. Iň täsin ýeri hem bu gowagyň içinde hiç wagt hiç hili haýwan, mör-möjek girmeýär hatda siňek hem girenok.

Tagtabazara ýoluňyz düşse baryp görmegi maslahat berýän..

Köneler, sᴛᴀᴛᴇ tarapyndan 00

  • Aksary Aksary off № 1 22 сентября 2022 07:29
    Tagtabazaryñ Baýraç obasyna ýetip barýarkañ ýoluñ sag tarapynda baýryñ böwründe görnüp dur.girelgesiniñ ýakynynda at üçin agyl hem niyetlenen bolmaly.ýenede bir bellemeli zat ol gowak edileni bäri içinde adam ýaşanlygy hemde haýsy asyra degişlidigi,haýsy ussa tarapyndan gazylandygy belli bolmadyk galybersede Tagtabazaryñ Marçak atly ýenede 3 sany obasy bar.haýsysynda ýerleşýändigini bilemok welin şolañ birinde "bäş deşik" gowagy bolmaly edil şol ýeke gowak ýaly,ana şonuñ bilen birigipdir diýen myş myş bar
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 2 22 сентября 2022 08:23
    Aksary,
    Эгер Мары тарапдан гелсен елун чеп тарапында боляра. Эгер деря акымындан угур алсан ,онда дерянын саг кенарында ерлешйар. Ат агылы халкын арасында Дулдул ахыр ады бн мешхур.
    Jogap
  • Aksary Aksary off № 3 22 сентября 2022 11:48
    kwadrat kelle
    Aksary,
    Эгер Мары тарапдан гелсен елун чеп тарапында боляра. Эгер деря акымындан угур алсан ,онда дерянын саг кенарында ерлешйар. Ат агылы халкын арасында Дулдул ахыр ады бн мешхур.

    Baýraja yetip baryarkañ ýoluñ sagynda,sebabi şol ýerde çatryksyz halda ýol egrelýar.Ol "düldül ahyr(agyl)"diýýaniñiz tagtabazaryñ telman obasynda ýerleşýar.baryp göremok,bolmasa sähel km bärsinde esli gün bolundy ýogsa.baýryñ üstünde agyl mysaly aýlawly birzat bolup görünýar.geliw gidüwli ýer.
    Jogap
  • Aksary Aksary off № 4 22 сентября 2022 11:49

  • Black day Black day off № 5 22 сентября 2022 13:20
    Oňat ýer eken. Baryp aýlanyp görüpdik 2018-de.
    Jogap
  • Black day Black day off № 6 22 сентября 2022 13:23
    Içiniň salkynjak gowy howasy bar. Gowagyň depesine çykyp aşaklygyna seredýäň welin, maşynlar otluçöpüň garaja dänejigi ýaly bolup görünýär. Töweregindäki obalary depesinden synlap oturmaly ýer eken.
    Jogap
  • Black day Black day off № 7 22 сентября 2022 13:30
    Girmek bolmaýan ýerlerem bar eken. Şo ýerdäki işgärleriň aýtmagyna görä Ýeke gowakdan köp ýerlere gidip bolýarmyş. Baýramala, Eýrana we şm gidilýän ýerleri barmyş. Täsin taryhyny gürrüň berende geň galyp diňleýärdik...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика