Durmuş...

Zamanañ ahyry geldimi bilmen,
Mollalar aýatdan, gybada geçýär.
Gündiz molla bolup, törde oturan,
Gije ýeke galyp, meý - şerap içýär.

Aýtgyn goja dünýe bu ne ahwaldyr?
Düýnki nikalylar köçede entär.
Döwletli birini tapan mahaly,
Jübti işde wagty, öýüne eltýär.

Gözüm göreninde bulandy ýürek,
" Nas " - atly awyny atanda çaga.
Birsalym agzynda saklap bolansoñ,
Ýakymsyz närsesin, syçratdy baga.

" Adalat ýok " - diýme, döretjek bolgun,
Onuñ üçin kalp törüñe mertlik ek.
Belki ukudasyñ, oýanmak gerek,
Her işde, her ýerde, ýaşap arslan dek.

Şirnazar Taganow




Täzelikler, ŞYH tarapyndan 07

  • yusupahmet12 yusupahmet12 off № 1 22 сентября 2022 18:28
    Ygar hokuminde goýmaly goşgy eken. Durmuş nogsanlarynyñ, hut, ozuni beýan edipdir.,, Mollalar owerler ol kyýamaty"( Zelili).
    Emma, bu dunýaniñ nusga apaty.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика