Sen saýlap bilipsiň gözel hünäri
Elleriňden dür dökülýär enaýy
Ýadaman tikýärsiň köýnek ýakany
Tikinçi gyz hünäriňe döneýin.

Gözelligine görk goşýarsyň görenleň
Haýranyň seň eden işiň görenler
Ýadanokmy barmaklaryň, hem elleriň
Tikinçi gyz elleriňe döneýin.

Sen höwesli ýapyşýarsyň işiňe
Beýle hünär berilenok herkime
Goý mert ýigit ýazylsyn seň bagtyňa
Tikinçi gyz, gül keşbiňe döneýin.

Wagt tapyp goşgularymam okaýaň
Keşde çekip, ýene halam dokaýaň
Bölek matalardan köýnek ýasaýaň
Tikinçi gyz gözelligiňe döneýin.




Täzelikler, nurmuhammet tarapyndan 06

  • parca parca off № 5 23 сентября 2022 15:53
    Bu goşgyň awtory_Kerim Hally
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика