Ýyllaryň gatyndan delmuryp bakýan,
Ýat bolan, bir mahal ýakynymdyň sen,
Dünýezar duýgulam, düýnümde ýatman,
Telbe deý tapynyp bir düşnüksiz heň,
Gygyryp ýör tutup tükezzybana,
Armanym bihabar lal-jim dünýäden.
Synanýar baryny tükellemäge,
Bolsa, bir ýitigi tutuş Dünýä deň.

Çöl-beýewan, dag-düz, derýa neýlesin,
Mežnun, Tahyr görse, gaçyp gizlener.
Güýz güni deý ýeller oýnan öýmesin
Ýaşmak edip, ýalňyşyna hiňlener.

Parhy bolmaz ýakyna kim, ýada kim,
Dili gysga bolman ýa bolman müýnli.
Dünýäň “bu-da geçer”-inden ýadadym,
Geçmän geçsin, men nä mysal üçinmi...



✏Myrat GURBANOW



Edebiýat, Pegas tarapyndan 01

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика