«Goşgy az ýazýarsyň» diýýärsiň maňa,
Köp ýazylsa, goşgy bolýarmy näme?!
Gijäni penjeläp, ýassansaň daňa,
Juda az pikirler gelýär kelläňe.

Gözüňden gitmeýär ýekeje gije,
Parç bolup açylan bir gülüň keşbi.
Ugrunda selpedip, entedýär niçe,
Köp däl, bir gözeliň söýgüsi, yşgy.

Geregi ýok uzyn gürrüň bermegiň,
Uzak bolýar gysga sözüň ykbaly.
Parran geçip deňesinden günleriň,
Ýuwan goşgy ýazyp, göwni ýykma:ly.

Berseň-de ýüz goşgy mysal getirip,
Ýeke jaýdar söze ömrün berjek kän.
Lezzetini ýeke bendiň, setiriň,
Onlap ýazlan şygra çalşyp biljek däl.

Goý, köp bolsa bolsun habar, makala,
Söz kän ahyr ýüregiňi diýmäge...
«Goşgy az ýazýarsyň» diýýärsiň maňa,
Köp ýazylsa, goşgy bolýarmy näme?!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW



Edebiýat, Esma tarapyndan 15

  • yusupahmet12 yusupahmet12 off № 1 25 сентября 2022 11:26
    Gocmyrat shahyr goshgy barada goshgy yazypdyr. Goshgy: Bu sungat bolegi ynsan kalbynyñ cyraÿly nagshyny,, ekran" yuzune cykaryar. Oña ,, syn eylap", mazmundan many almak okyjynyñ paÿyna. Howri kop bolsun.
    Jogap
  • Gercek Gercek off № 2 25 сентября 2022 12:09
    Gosgyny haladym yone jemlemesi has jaýdar bolsa gowy bolardy
    Jogap
  • Gercek Gercek off № 3 25 сентября 2022 12:12
    Müňlerçe goşgular yazandan eger
    Meger birje goşgy baryna deger

    Gerceknazar Amannazarow
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика