Synyp barar men.

Sözle pelek, meni neçün gynar sen?
Bu gün gaýgy içre, synyp barar men.
Maña dalda bolmaz, seretsem hiç kim,
Bu gün gaýgy içre, synyp barar men.

Syrdaşym diýenim, syrym açypdyr,
Masgara eýleýip, ýyrak gaçypdyr,
Tapa bilmen, ýa - ha göge uçupdyr,
Bu gün gaýgy içre, synyp barar men.

Söwdügime ýete bilmän, har oldum,
Didelerni, bir görmäge, zar oldum,
Ýyglaý - ýyglaý, ajy sesli, tar oldum,
Bu gün gaýgy içre, synyp barar men.

Gursagymda, gürsüldäp urýan ýürek,
Bu gidişde, tiz ara dursa gerek,
Bagt ummanyn eçil, ber gaýyk - kürek,
Bu gün gaýgy içre, synyp barar men.

Şirnazar diýr, kimdigime Hak güwä,
Asla tüýkürmedim, içem soñ suwa,
Many saça bilmen, kemelen nowa¹,
Bu gün gaýgy içre, synyp barar men.

Şirnazar Taganow

1.Nowa - akyl, paýhas, añ.




Edebiýat, Ichki_dunyam_officiall tarapyndan 36

  • ýüreksözi ýüreksözi off № 1 25 сентября 2022 21:21
    Gosgylan awtory kimka on estmedinle men bu sahyryn gosgylarny hoc yerde okabam gormedim
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 2 26 сентября 2022 00:17
    Magtymgulynyň äheňinde (stilinde) ýazylypdyr goşgy.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика