Bilmedim.

Halkymyñ ynamyn ödäýin diýip,
Bir ýerde durmaklyk, däbin bilmedim.
Armandan ýüregim gan aglan wagty,
Dertlileñ derdini, diñläp ýeñledim.

Çarkandakly durmuş öwrümlerini,
Ýeke geçýän, ýakyn dostum bolmansoñ.
Ozallar bar idi, syrdaş, gardaşlam,
Arman elçekdim men, nebsi doýmansoñ.

Tüm kalbyma nurly güneş ýalkymyn,
Gelende salypdy, bir gözel dildar.
Işläýin, durmuşda ornum tapaýyn -
Diýip daşlaşamda, terk etdi ol ýar.

Ençe ýyldan bäri näsaglan janym,
Hemişe azaply, agryda gezýär.
Heniz çaga wagtym eden ýalñyşym,
Kalbymy aýawsyz, depeläp ezýär.

Şirnazar, geçirme ömrüñ biderek,
Ile ýagşylyk et, etmegin minnet.
Watana gaýduwsyz gerçekler gerek,
Ruhuñy belent tut, hak ýolundan git.

Şirnazar Taganow



Edebiýat, Ichki_dunyam_officiall tarapyndan 41

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика