Ynsan näşükürdir hemişe! Elindäkilere kanagat etmez, has gowusyny, has köpüni islär! Arzuwlary gymmatlydyr, ezizdir! Hemişe ýetip bilmedikleriniñ ugrundadyr! Şu wagt elinde bolan zatlaryñ, ýanyndakylaryñ gadry ýokdur! Bilenok olar! Şu wagt ýanynda bolanlaryñ hakyky dostlugyny, ýanyndaky zenanyñ hakyky söýgüsini, elindäkileriñ olar üçin iñ haýyrlysydygyny bilenoklar!
Ynsan hemişe depeden sereder! Özüni ähli zadyñ eýesi hasaplar! Gereksiz buýsanjy bardyr, wezipesine buýsanar, puluna buýsanar... Özi ýaly dälleri pes görer! Düýnüni unudar, ertirini görmez. Diñe şu günki güni bilen ýaşar! Ertir öljegini bilenok!
Bu däl-de... "Kaka" serialyndaky şu sözler hiç ýadymdan çykanok.
"Hiç haçan pikir etmedi ynsan ogly! Eger dünýä birine galmaly bolsa Süleýmana galardy, elleri açyk gitmedimi dünýäden?! Ölüm satyn alynýan bolsa Nemrut almazmydy?! Çykmadyk janlara dermandy, Lukman hekim ölmedimi?! Şonuñ üçin hiç gorkmadyk biz, umydymyz Alladandy. Dertlerimize: "Artyber!" diýdik, öñde-soñda geçmejekmi?! Zalymlara: "Güýçleniber!" diýdik, öñde-soñda ýykylmajakmy?! Bu şeýle bolupdy, bolaram! Ýagşylyk bilen ýamanlygyñ arasyndadyr bu dünýä, ýöne ýeri gezek gelende ýagşylygyñ tarapynda bolar!"



Edebiýat, ssaparay tarapyndan 28

  • Ýusubowna Ýusubowna off № 1 13 ноября 2022 19:15
    Ynsanyň hemişe höwesde gezmegi, diňe iň gowysyny islemegi tebigatynda bar. Bu öňem şeýle bolupdy, ýene-de bolar.
    Şeýle bir hoş bolup, ses edip gülýän ynsanyň aglap oturmaly haly bar ýogsam.
    Käbirlerini görýäň welin "sadaka berip başaraňokmy iň bolman söz sadakaňy, ýüz sadakaňy bir ber" diýesiň gelýär. Ýöne özünde ýok zady nädip bersin diýsene. Oňa derek görüplik, içi garalyk, ol birinden üstün bolmak tutupdyr deregini.
    Jogap
  • kone natanysh kone natanysh off № 2 13 ноября 2022 19:29
    Ýusubowna

    Käbirlerini görýäň welin "sadaka berip başaraňokmy iň bolman söz sadakaňy, ýüz sadakaňy bir ber" diýesiň gelýär. Ýöne özünde ýok zady nädip bersin diýsene. Oňa derek görüplik, içi garalyk, ol birinden üstün bolmak tutupdyr deregini.

    Şeýle adamlara nebsim agyrýa özimiňä dogrusy...
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 3 13 ноября 2022 20:27
    Men-ä kelek ujuny ýitirendirin... Hasapsyz zat ýokdur diýip pikirlenýän welin, gözümiň görýän zatlary welin, tersine pikir etdirýär...
    Kera Babaýewiň:
    "Bagyşla kaka men ýene saklanyp bilmedim,
    Şunça gözledim ýöne hiç adalaty gormedim.
    Garybyňky boldy ýalan, baýyňky mydama çyn,
    Asyl köki çüýrik bolsa ýaprak nädip güllesin?"
    — diýýän repi ýadyma düşýär...
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 4 13 ноября 2022 20:31
    Ýa-da blaze agamyz:
    Adalaty görjek bolsaň, ol diňe garaňkyda,
    Ýalanlaryň içinde gizlin gulply gapyda.
    Islemeseňem dogan, döwür şeýle boldy,
    Suwaryp ýetişmedik, umytlar gurap galdy...
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 5 13 ноября 2022 20:32
    Senem görýänsiň aýdýanlarymy öz durmuşyňda,
    Eliňe tiken dürterler, ýokaryk dyrmyşaňda... .
    Aý, aýtsaň aýdyp oturmaly :)
    Jogap
  • Pegas Pegas on № 6 13 ноября 2022 20:50
    Vekil_City
    Men-ä kelek ujuny ýitirendirin... Hasapsyz zat ýokdur diýip pikirlenýän welin, gözümiň görýän zatlary welin, tersine pikir etdirýär...
    Kera Babaýewiň:
    "Bagyşla kaka men ýene saklanyp bilmedim,
    Şunça gözledim ýöne hiç adalaty gormedim.
    Garybyňky boldy ýalan, baýyňky mydama çyn,
    Asyl köki çüýrik bolsa ýaprak nädip güllesin?"
    — diýýän repi ýadyma düşýär...

    "kelep ujuny" diýilýär.
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 7 13 ноября 2022 21:35
    Pegas
    Vekil_City
    Men-ä kelek ujuny ýitirendirin... Hasapsyz zat ýokdur diýip pikirlenýän welin, gözümiň görýän zatlary welin, tersine pikir etdirýär...
    Kera Babaýewiň:
    "Bagyşla kaka men ýene saklanyp bilmedim,
    Şunça gözledim ýöne hiç adalaty gormedim.
    Garybyňky boldy ýalan, baýyňky mydama çyn,
    Asyl köki çüýrik bolsa ýaprak nädip güllesin?"
    — diýýän repi ýadyma düşýär...

    "kelep ujuny" diýilýär.

    Salam, gowumy ýagdaýyň? Agşamyňyz haýyrly bolsun! Aha, sps, şeýdip goldaw berip dursalar men görgüli düzelip gitjeklerden welin ;)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика