Haýwanat dünýäsi dürli geň-taňlyklara baýdyr. Ýer şarynyň faunasynyň käbir geň wakalary bilen sizleri tanyşdyrmak isleýärin.

* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Žirafalar suwsuzlyga düýeler ýaly çydamlydyr.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Mawy reňki saýgaryp bilýän ýeke-täk guş baýguşdur.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Ary ýarym kilogram bal ýygnamak üçin 2 million güle gonýar.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Piller böküp bilmeýärler.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Garagum sährasynda duş gelýän süýrenjileriň iň ulusy zemzendir. Uzynlygy 1,5 metre ýetýän bu haýwany «çöl krokodili» diýip hem atlandyrýarlar.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Bürgüdiň gözi iki gabak bilen gurşalyp, birinji gabak onuň gözlerini howa akymlaryndan we daşky howplardan goraýar. Ikinji dykyz gabak bolsa oňa uklan wagtynda gözlerini ýummak üçin zerur.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňküni owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Demirgazyk deňiz guşy bolan kaýra awunyň yzyndan kowup ýetmek üçin 180 metr çuňluga çenli çümmäge ukyplydyr.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.
* * * * * * * * * * * * * * * * * *

Gara ganatly kebelekler Günüň şöhlesiniň kömegi bilen bedenleriniň gyzgynlyk derejesini artdyryp, uçmaga goşmaça energiýa alýarlar.



Bilim, qwerty1 tarapyndan 21

  • Vekil_City Vekil_City off № 1 13 ноября 2022 21:46
    Ary ýarym kilogram bal ýygnamak üçin 2 million güle gonýar.
    Ary bir kilogram bal ýygnamak üçin 4 million güle gonýar diýseler bolmadymyka :)
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 2 13 ноября 2022 22:01
    Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.
    Aý edil meň itimçe däldir. Ýüzüm masgly, gözüm açkili, düýbünden başga eşikli gelsemem tanapdy, menä geň galypdym şonda...
    Jogap
  • Lui Paster Lui Paster off № 3 15 ноября 2022 15:33
    Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.
    Nädip bildilerkä şuny
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика