Ýüzlenme!

1.Degişgen, alçak, göwniaçyk adam. Özi näçe inkär etse-de, zehinli. Men onuň birje eserini okam-da, ondaky ol ukyby duýupdym. Ilkibaşlarda içimden: “Bu adamyňam göwnüne zat ýaranok. Şeýle ökde bolsaň, özüňem birzatlar ýazaýmaly ekeniň” diýipdim. Asyl ol ýazýan eken, onda-da has gowy ýazýan eken. Ýekeje artykmaçlygyň biraz öýkelek, bilýän menden öýkeledigiňi. Ýöne, men öýke ýazyp bilemok. Sen ýaly söze çeper bolsam, men şanyňa goşgy ýazyp öýkäňi ýazardym. Şeýle-de bolsa men bir zady bilýän. Bir gün açylarsyň, belki öz aýdyşyň ýaly öýkelem dälsiň. Bilýäň-ä mende öýkeleder ýaly doň ýüregiň ýokdugyny. Sen meň gözümde sada we örän gowy adam. Düýn saýtdan bir agza, ýalňyşmasam: “ýüzüňizi güldüren ynsan kim?” diýip sorapdyr. Men sen diýip jogap berjek boldum. Hakykatdanam sen meni ýylgyrtýardyň. Ýüregiň arassa bolşy ýaly, durmuşyňam sahypalary tämiz bolsun. Adyň taryha siňsin, sen şoňa mynasyp. Diňe öwüp oturan ýalydyryn hä? :) Kemçiligiňe gabat gelmedim. Gelmelem etmesin. Seni tananyma şat kalby owadan ynsan!

2. Seni taryp etmesemem bilýänsiň sen baradaky pikirimi, geçen 7 aý üçin saňa çäksiz minnetdarlygymy bildirýän. Sabyrlylygyň üçin aýratyn sag bol. Hemmeden kän sen tanaýansyň meni. Ýadyňa düşýärmi, bir temada pikir alşyp-berişip başlasak, pikir tapawutlylygynda soňuna çenli gidişip, iň soňunda ýene ikimizem belli bir pikiri makullaýardyk. Seň bilen meňzeş taraplarymyz kän. Wiý şu wagt ikimiziň gowy görýän howamyz dowam edip dur. Arman, howa sowuk. Bolsa bolsun sowuk, bize ýagyş bolsa bolýar. Şeýle dälmi? :) Men seni gowy görýändirin. Ak ýürekli gadyrdan saňa öz isleýşiň ýaly baý we owadan gyz ýar bolsun! :)

3. Syýasatçy joram senem gowy adam, saýda giren günlerim nomerimi sorapdyň, ana şonda sen barada başgarak pikir edipdim. Beýle däl ekeniň. Şondan soň saýtda gyzyň nomerini soranyňa gabat gelmedim. “Mundan soňa hijem gabat gelmersiň” diýsene :)

4. Meni edebiýata söýgüsi bolan ynsanlar özüne çekýär. Bilmedim, belki, senem şondan ünsümi çekensiň. Öňem aýdyşym ýaly, senem gowlyklara mynasyp adam. Ýöne, senem sahnaň arkasynda başga adam, sahnada başga adam. Dogry, pikirler, garaýyşlar üýtgäp bilýär. Ýöne, bular ýaly çalt üýtgemegi meni pikirlendirýär. Men seni öz penjirämden seredişim boýunça tanaýan. Seň özüň barada aýdyp beripdiň, belki, sen hakykatdanam şeýlesiň. Bor-la nähili bolsaňam o diýen zerurlygy ýok. Başda nähili tanan bolsam, aňymda şeýle bolup galarsyň. Seň bilenem ýakymly ýatlamalarymyz azam bolsa bar. Ýadyňda bolsa, maňa sen barada bir zatlar ýazjak diýip söz beripdiň. Hantamaçylygam gowy zat däl welin, ynsan göwün etse, şol göwün eden zadyna ýetýänçä umyt bilen garaşýar-da… Ýeri, bolýar, ýazmasaňam zyýany ýok. Tüweleme, üns berýän welin, heňiň üýtgäpdir. Begendim seň adyňa. Mundan soň şol soňky heňiň bilen dowam edersiň diýip umyt edýän. Birwagtky duýgyňy oýaran, göwün beren ýaryň bilen bagtly boluň! Adyň ýaly …-ly durmuşda ýaşa :)

5. Meniň şadyýanja hemem näzijek jigim, indä jora-da bolup barýas. Seni saýtda görsem birhili ekiz taýymy gören ýaly begenýän. Öýkelejik joram, seni gowy görýän. Içiňdäki çagajykdyr, seni bular ýaly eýjejik görkezýän. Garaz ulylaryň hataryna girenem bolsaň, meň gözümde çaga ýaly eýjejik, öz ak-gara pişijegiň ýüzi ýaly günäsizje gyzjagaz. :) Syrdaşam diýip bilerin saňa. Syrymy saklaýansyň diýip umyt edýän. Sebäbi men saňa ynanýan. Syr bolup syram däl welin, bilýänsiň men özüm baradaky şahsy maglumatlary köp adamlaryň bilmegini islemeýändigimi. Nesip bolsa, Watana dolanyp barsam, gatnaşjak, görüşjek sözümiz bardyr biri-birimize. Men unutmaryn seni, senem unutmagyn meni. Sen ýaly gyzy durmuşymda ýitiresim gelenok. Hiç kime söz bermänjik gezseň, biz seni jigilermiň birine alarys nesip bolsa. Söz bermäýin, olaryň göwnini bilemokda heniz. Ýöne seni garyndaşym etmek islärdim. Bilip bolmaz, belki bolar. Ýoluň ak bolsun, durmuş seni özüň ýaly ýagşy niýetli ynsanlara duşursyn!

6. Ady bagta meňzeş joram senem men gowy görýän. Ýokardaky joram ýaly eý görýän seni. Enşallah, şu wagtky ýaryň bilen bagtly bolarsyň. Sebäbi, sen bagta mynasyp adam. Gijeleri baý gep edýärdigä sen we başga-da käbir agzalar bilen. Dogrusy, şol günleri küýsedim. Nesip bolsa ýene birnäçe aýdan şol gepleri ýüz-ýüze ederis diýip umyt edýän. Söýgüliň gaharyny getirýän dälsiň-ä? ;) Akyllyja bolgun, bilýäň-ä erkekleriň ýagdaýyny.Olary gahar we aşa gabanjaňlyk bilen däl-de, diňe süýjiden- süýji söz we rahat hereketler bilen bogmaly. Indi öwrenensiň-le. Senem ýitme, egzamenleriňi dynaňsoň, habarlaş.

7. Uýam senem unutmadym. Hiç görüneňok, bilýän senem hata menden garaşýansyň. Menem okuw bilen şol ýetişiksiz günde. Menden gaty görme. Ilki saýtda poçtamy soraňda saňa erkeksiň diýip pikir etdim. Gyz ekeniň :) Meni gyz bolup wirtualda gabanýan ýeketäk gyzdyň. Seni gowy gördüm. Durmuşa çykdyňmy? Çykan dälsiň-le, çyksaň maňa habar ederdiň. Şol habar edilerlik hormatym bardyr diýip pikir edýän. Gorkylaryňy ýeňip, elmydama owadan durmuşda owadan bolup, bagtly ýaşamagyňy arzuw edýän.

8. Agamjan senem ýat bolduň, käte habaryňy alýan, telefonyňy üýtgedipsiň, saýda gireňok ekeniň. Meniň psihologiýa aşyk agam, seňem ornuň uludyr mende. Eden kömekleriň üçin Alla ýalkasyn. Saýlan gyzyň bilen isleýän ýurduňda sagamanja bagtly gezmegiňizi arzuw edýän. Etmesine edýänem welin, indi ol ýerlerde-de ýagdaýlar gowy däl-ä. Gowsy ugry başga ýere üýtgedäýsene :) ýöne oňuşmazça-da däl, dogrusyny özüň bilersiň. Saglygyň doganjygym, pikirdeşim özüňe gowy seret.

9. Seni tanajak bolup, balyklaryň suwda çyrpynşy ýaly çyrpynypdym-da :) Maksadyma-da ýetdim. Ökündimmi? Ökünmedim. Tersine, köp temalarda şeýle meňzeş pikirlidigimize begendim. Umuman sen ýaly pozitiw pikirli adamlary gowy görýän. Meň üçin iň soňky eden ýagşylygyňy asla unutmaryn. “Moruk” bu söz ýadyňa düşýärmi? :) Düşýändir, men duýýan. Bilýäňmi näme, saňa hemmeler gyzdyr diýip pikir edýär. Dawalyrak temalarda hemişe arkamda duraňsoň, pikirimizem gabat gelensoň, oglandygyň kän bir kellä gelýänem däldir. Uly ýaşly bolsaňam, men saňa deň-duşum ýaly garaýan. Senden maňa öwrenmäge zat kän. Bir zat aýdasym gelýär. Şu ýaşyma çenli siziň welaýatdan erkek adam bilen söhbetdeş bolup görmedim, ilkinji adam siz. Moruk işiňde üstünlik ýar bolsun, sagamanja gez. Senem tananyma şat!

10. Meň her sözlemimi goşgy setirine geçirýän saýtdaş, welaýatdaşym senem okuwa giripsiň. Şol habaryňy eşidip begendim. Arada biri bilen nomeriňem gözledik, IMO girýän bolsaň, habarlaşmakçy bolduk. Emma seni tapmadyk. Ýat bolma, haçanam bolsa, eliň degen wagty didaryňy görkezip git. Senem dawa-jenjele goşulmaýan, bar derdi şahyrana setirler bolan adamdyň. Gowy görýän seni jigim. Ömrüň uzak bolsun, okuwyňda üstünlik!

11. Ýaltaja saýtdaş senem ýitdiň, gitdiň. Hemişe ýazasyň gelip ýaltanyp geçýärdiň. Ýa henizem şol ýaltanýan diýmäge-de ýaltanyp gezip ýörmüň. Seni tanamasamam gowy adama meňzeýäň. Ömrüň bolsun.

12. Puly we owadanlygy gowy görýän gyzjagaz. Senem diňe özüň baradaky ýazýanlaryňdan tanaýan. Käte diýýän sözleriň, edýän hereketleriň göwnüme ýaranok. Ony men bir-iki gezek “gelişenok-da…” diýip duýdurypdym. Seň içiň dertlidigiň bildirýär. Dertliler köplenç wirtualda artykmaç gürleýär. Sen näçe artykmaç gürleseňem, men seni gowy görýän. Senem gabanýardyň-la gyz meni. Wiý, sen meni däl, menden başga birini gabanýardyň-a. Indi geçdimi ol duýgyň? :) jan jigim seňem elmydama ýoluň açyk bolsun. Enşalla şu ýyl “Talyp boldum” diýen habaryňy alarys. Şadyýanlygyňy ýitirme, şeýle dowam et. Saňa gelişýär, güler ýüz.

13. Sen barada näme aýtsamkam…seni doly tanamok diňe gijeleri, dertleşip, geçen günlerimiz hakynda ýazyşýan zatlarym ýadyma düşýär. Nesip bolsa, senem ýakyndan tanamak isleýän. Nomeriňi belläp goýdum, habarlaşarys hökman. Saňa ýekeje zady, olam seň isleýän zadyňy arzuw edýän. Allajan şol islegiňe iň ýakyn wagtlarda ýetersin. Öz ganyňdan, janyňdan perzent söýersiň diýip umyt edýän. Senem umydyňy üzme. Nesip bolsa bolar bir gün. Allam saňa we ýanýoldaşyňa sabyr bersin. Gowy görýän seni klasdaşym :)

14. “Birkemsiz gözel ýok” diýilşi ýaly, seňem kemçiligiň ýalan sözlemegiňdi. Senem tanamak, pikir alyşmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşypdym. Ýöne, men ýalany halamamsoň, ýalanyny gören, eşiden, duýan adamymdan uzaklaşmak bilen bolýan. Men soňky ýazan blogymda belläp geçişim ýaly, adama öýkeli galyp bilemok. Seň bilen birnäçe ýaramazlyklar bolanam bolsa, men seni bagyşlaýan. Ýöne seň islegiňi men bitirip bilemok. Senem gowy adamsyň, bilýän. Janyň sag bolsun, sagaman gez.

15. Edebiýat söýüji gyzlarymyzyň biri, seň bilenem tanyşamok, ýöne Salamlaşypdyk. Ýazgylaryňy yzarlaýan, galamyňdan çykan setirlere göwnüm ýetýär. Gyzyklandym, Marydan bolsaň, baryp gatnaşjakdym, emma däl ekeniň. Ahaldan diýäýdi öýdýän. Senem nesibede bolsa, ýakyndan tanap, pikir alyşmak isleýän. Ýene ugratjak Pdf görnüşli kitaplaryňa-da garaşýan. Meni jora hökmünde söýýändigiňi aýdypdyň. Menem seni söýýän. Aý men söýýän diýmesemem, edebiýaty söýýän hemmeleri söýýän-ä. :)

16. Terbiýeleýji mowzuklary açýan ynsan senem gowy görýän. Temalaryňy okap, sizdenem durmuşyň hakyky tarapyny öwrenmelidigime gözüm ýetýär. Meni tanamak, gatnaşmak isleýşiňiz ýaly, menem siz bilen dost-doganlyk gatnaşygyny isleýän. Arada size ýüzlenip ýörite mowzuk açdym. Arada diýmegim, geçen ýylyň soňky aýynyň soňky günleri. Ýöne size gabat gelmedim. Size bir kiçiräjik teklibim bardy. Göwnejegiňizi bilýän. Entegem pikirim üýtgemedi. Menem size isleseňiz şol kömegi etmek isleýän. Doganjygym size bagt dilesem, siz bagtly ýaly görünýäňiz. Iň gowsy men size, çagajyklaryňyzyň bagtyna guwanyp, aralarynda uzak döwran sürmegi diläýin. Ömrüňiz uzak bolsun, işiňizde üstünlik!

17. Täze nätanyş sen barada-da belläp geçeýin. Senem gowy adam, özüňem bilimli. Ýöne bir artykmaçlygyň, ýazaňda, birine ýüzleneň-de sen dili bilen ýüzlenýäň. Sen psihologiki kitaplary köp okandygyňy belläp geçipsiň. Onda men aýtmasamam bilýänsiň, sen diliniň başgalara negatiw täsir edýänini. Garaz, senden mylaýym bolmagyňy isleýän. Seňki näderejede dogry bolsa, başgalaryňam pikiri özüne şol derejede dogry görünýär. Eger ýalňyşy düzeltmek isleseň, sada dilde sypaýyja düşündir. Umuman, pikirleriňe hormat goýýan. Birmeňzeş saýtlary okaýan ekenik :) Egzamenleriňde üstünlik!

18. Sen barada ýazmasam bolmazdy. Ýer tekizem bolsa, meň käbir ýöreýän ýollarym-a tekiz däl. :) adyňy okasam, taryhy kinolar ýada düşýär. Şolaryň söweş guraly adyňdaky söz bolansoň, şolar kellä gelýär. Bilýänem dälsiň, menem şol kinolardaky gyzlar ýaly söweşiji ruhym bar içimde. Käte şolaryň hereketlerini özüm edýän. Munça düşündirişden soňra, okap özüňi tanansyň-la. Käte ýaramaz sögäýmäň bar diýmeseň, gowniaçyk gowy adam sen. Gaharyň gelmese sögýänem dälsiň. Sesiňem owadan eken. Owadan diýemde biri ýadyma düşdi. Ol 19-njy. Saňa-da şol uzakdaky göwün beren gyzyňa ýüregiňdäkileri aýdyp, olam kabul edip, biri-biriňize gowşup bagtly bolmagyňy arzuw edýän. Üns berýän welin, täze maglumatlary yzarlap, okap höwesli sen. Buýsanýan gyzyklanmalaryňa. Dowam et, belki seňki dogrudyr.

19. Ýokarkyň sesini mendenem beter sen owadan görüpdiň, hatda aýdym aýdyp bermegini isläpdiň. Barybir ol islegiň ýerine ýetirilmedi. Şol günki sen bilen şu günki seniň arasynda köp tapawut bar. Maňa şadyýanlygyň ýarady. Umuman, göwniaçyk, alçak, degişgen adamlary gowy görýän. Senem şolaryň biri jigimjan. Okuwyňda üstünlik arzuw edýän.

20. Ýene bir tananyma, gabat gelenime begenýän ynsanlarymyň biri sen. Seni köp wagtlyk tanamasamam, birhili seni özüme ýakyn saýýan. Saýtda ilki gören günlerim, birleri bilen-ä dawalaşýardyň. Menem: “biraz geçirimliräk bolaýmala, gyza gelişenok-da, deň bolup, sanaşyp oturmak” diýýärdim. Men ol dawalaryň sebäbini bilmämsoň, öziň gowy bilýänsiň. Saňa şahyrdyr öýdüpdim. Özüňdenem soradym öýtýän. :) Gowy görýän seni jigimjan. Asyl uzagrak yzarlasaň, üns bersem, beýle-de dawaçyl, gaharjaň gyz däl ekeniň. Özüňi alyp barşyň, kiçiligiňe garamazdan uly ýaşlyňky ýaly. Senem 5-nji belgili gyzy gowy görşim ýaly gowy görýän. Hatda şolar ýaly eýjejiksiň diýip pikir edýän. Nesip bolsa, seň bilenem tanyşarys, gatnaşarys. Okuwyňda üstünlik gülüm. Gülüm diýdim, çünki, seniň adyň gül.

21. Ýene bir degişgen agzalaryň biri. Ýadyňa düşýärmi, 5-nji belgidäki gyza: “Nirvana, men barada-da aýdyp bersin” diýip soradypdyň. Seni tanamok, ýöne gowy adamdygyňa ynanýan. Meň garyndaşym etmek isleýän gyzymda gözüň bar eken. Aljak bolsaň al, bolmasa biz alýas :)

22. “Gyz bilen oglan deňhukukly bolsa, gyz näme üçin ýaşmakly gezýär?” diýip sorag beripdiň sen. Okap gülüpdim. Maňa duýgudaşym diýibem ýazypsyň. Menem seni başda saýda täze giren wagtlarym pikirdeşim öýdipdim. Emma soň-soňlar seredip otursak, pikirlerimiz düýbinden gabat gelenok. Menem sen ýaly bilesigeliji ýöne, men senden tapawudym, öz islän jogabymy almasamam, garşymdakyň pikirine hormat goýýan. Pikirleriňi durlasaň, senden gowy adam ýok. Senem kämilleşersiň nesip bolsa. Seň adamçylygyň gowy.

23. Seni tanamok, maňa 4-nji belgili adam seň bilen tanyşmagy maslahat beripdi. Men kabul etmedim. Azam bolsa, ýazgylaryňdan sen barada bilmek bolýar. Öňiräk saýtdaky bolşuňy görüp gynanýardym. Adamyň başyna düşäýjek ýagdaýlar olar. Seni ýazgaramok. Senem edebiýaty gowy görýänligiň üçin, ýok ýok diňe oň üçin däl, ynsan bolanyň üçin gowy görýän. Sen meni başga birine meňzedip mowzuklaram açýardyň. Men barada gowy söz ýazypdyr bir agza, şu wagt adam ýadyma düşenok. Olam köne ertiriň agzalaryndan biri eken. Menä tanamok. Senem ol sözi okap, özümi özüm öwýän ýaly edip teswir ýazypsyň. Ýene bir gün “Agşam biriniň 41-nji niki talyplarda 42-nji nikini çagyryp blog açdy, soňam pozdy” diýipsiň. Ýene bir gün saýda girmäge elim degenok diýsem, “halamaýan pişelerim, ýalana bolamok” şeklinde mowzuklar açypsyň. Akyl gyz men seň pikir edýän ynsanyň däl. Seň pikir edýän ynsanyňy men hiç tanamok. Bu zatlary men göwnüme alandygym üçin ýatlamadym, diňe özüňi bu ýazgydan tanamagyň üçin ýazdym. Men barada nähili pikir edýänem bolsaň pikiriňe hormat. Men seni gowy görýän. Senden meni gowy görmegiňe garaşamok. Ýöne men başga biri däldigimi saňa duýdurmak isledim.

24. Offline fanatym sizem ýadymda. Indi tanadym sizi bu saýtda. Bir zady boýnuma almak isleýän. Sizi tanamagy üçin birine şahsyňyza ýazmagy haýyş edipdim. Ol habarlaşyp bilmändir. Ahyry tanadym sizi. Gowusyňyz diýip umyt edýän. Agzy ýelliler bilen indi agzymy deňeýän däldirin, üns berýäňizmi? :) Jigilerim ulalýarmy, olaram gowumy? Gowudyr diýip umyt edýän. Sizden gyzykly bloglara garaşýan boş wagtyňyz ýazyň.

25. Meni özüne meňzetýän jigimjan, senem gowusyň diýip umyt edýän. 😒 bu smaýlige gabat gelemok bu günler :) tanadyňmy özüňi? Gowy görýän seni jigimjan. 12-nji belgili gyz seň bilen arkalaşýandygyny ýazypdyr bir teswirde. Şol çyn öýdýän. Sebäbi käte 4-nji belgiň bloglarynda ýaňsylap teswirler ýazýardyň. Daşaguz, Lebap tarapyň gyzlary tüweleme dogumly. Biri-birini goldap, garşydaşy bilen uruşmalam bolsa taýýar. :)

26. Senem meň gowy görýän jigilerimden biri. Profiliňdäki suratyňdan saçyň uzyndygyny bilse bolýar. Özüňi edeplije alyp barýaň. Häsiýetiňi bilmämsoň köp zat aýdyp bilemok. Men saňa käbirleri ýaly yks (x) ygrak (y) diýip ýüzlenjek däl. Başda adyňy okamda degişýänsiň diýip pikir edipdim. Täsin, owadan adyň bar eken. Adyňa buýsan. Okuwyňda üstünlik jigimjan!

Men bulary näme üçin ýazdym? Anyk sebäbi ýok, isleg içimden geldi, menem pikirlerimi, garaýyşlarymy beýan etdim gysgaça. Hany özüňizi tanajak boluň. Şu 26 sany agza barada ýazmak üçin birnäçe sagat sarp etdim. Ähliňizi tanamok, şoň üçin siz barada pikirim ýok. Aýyplaşmaň. Düýn bir agza agzalaryň haýsynyň haýsy häsiýetini halaňzok diýip sorag beripdir. Muny ýazmagam şony okap kellä geldi. Mende ýigrenç duýgusy ýok, has ýadymda galan galjak agzalar şu ýazanlarym. Başga-da bar welin, şu wagt ýazmadym. Ähliňizem gowy görýän. Baryňyza hormatym uly. Şu blog şu ýerde artykmajam bolsa paýlaşmak isledim. Özüni tananlar belgisini ýazaýsyn teswirlerde.

Çeşme: talyplar.
Awtor: Nirwana hanym :)




Sorag-jogap, Vekil_City tarapyndan 37

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика