Agla,
örten,
ýer bagyrtlap çabalan,
Içiň ýangynyna meni näletle.
Gije bile sowlan bolsa şagalaň,
Ýaşynyp ýylgyr-da, ýeňles näz et-de,
Bildirme bu toýuň bize ýasdygyn.
Basym öwrenşersiň betbagt durmuşa.
Ýigrenip ýaşarsyň elwan ýaşlygyň,
“Nirden duşdum — diýip — hazan urmuşa”.

Hawa, sen şeýdersiň,
mejbur bolarsyň,
Ýüzüň ýokdur meň alnyma gelere.
Gyzararsyň, saralarsyň, solarsyň,
Ýalňyz çagyň aglap bialaç ýere.

A men ýigitlerçe dişim gysaryn,
Gaýgy-gamy galstuk ýaly dakynyp.
Üşüdýänmi hiç adama aýtmaryn,
Oturaryn içimde ot ýakynyp.

Namart däl ekenim,
Şükür Hudaýa!
Ýaşaryn, ýanaryn, ýazaryn merdem.
Sen bolsa gözýaşly seredip Aýa,
Mensiz örtenersiň ýalňyzkaň her dem.

Ýatlamalaň kempir deýin mürşerer,
A men garramaryn,
Şahyrlar şeýdýär.
Ölen duýgularyň girer düýşüňe,
Olar öz eýesin dowzaha eltýär.



Seýitmyrat GELDIÝEW




Edebiýat, Pegas tarapyndan 46

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика