Mähirli gözleriň mährine geljek
Teke, ýomut, ärsaryda tapylmaz
Nebitdag, Çeleken, Gumdagda, Bentde
Sakarda, Salyrda, Maryda tapylmaz

Özüň ýaly dünýä inermi-inmez
Oňa meň akylym, jogabyn bermez
Seň yşkyňa ýanan özgäni görmez
Görsede göwnüne melhem tapylmaz

Özbegiň ilini piýada gezsem
Türkmen topragyny ýüzüme sürtsem
Täjige, gazaga, gyrgyza gitsem
Aç suwsyz gözlesem sendek tapylmaz

Lenkoran, Fizuli, Baky, Masally
Iýmän-içmän gözläp bolsam keselli
Soçiň howasyndan gözläp teselli
Tiflise, Kryma barsam tapylmaz

Mingaçaur, Gökçaý, Kafan, Nähiçewan
Dagestan, Osetin, Çeçen, Erewan
Abhazdan – Nalçige bolsam rowai
Kalmykdan, Tatardan, Persden tapylmaz

Ýakutdan, Tuwinden, Burýat, Komiden
Kişinew, Odessa hem Suhumiden
Kutaisi, Poti ol Batumiden
Mähirli gözleriň taýy tapylmaz

Rimde, Tiranda, Afin, Bagdatda
Tähranda, Alžirde, Liwan, Riýadda
Nigerde, Mälide, Sudan, Bamakda
Mozambik, Zairde, Çadda tapylmaz

Mongolda, Koreýda, Ýapon ilinde
Gözellik nusgasy Hindistanynda
Turan pesliginde, Sahar düzünde
Görküňe taý geljek gözel tapylmaz

Nýu-Ýork, Waşington, Çikago
Sant-Doming, San-Salwador, Ottawa
Kolumbiýa, Santo-Krus, Santýago
Meksikada, Gawanada tapylmaz

Behiştin lalasy zardyr bakmaga
Suw perisi gorkar suwdan çykmaga
Ýaraly ýüregme melhem ýapmaga
Otdan - suwdan, ýerden – gökden tapylmaz




Edebiýat, PROLIGA tarapyndan 26

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика