"Gel, gowsy baryny başlaly başdan"
                                    Aşyr Hanow


*****

Gel, gowsy baryny başlaly başdan,
Ýoklap gussalaryň düýni-ertesin
Ýalňyzlygy aýryp, synlaly bile
Geçen bagtly günleň kinolentasyn

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Syryp dünýämiziň gamgyn buludyn,
Ýöne urýan ýürek kiçidir welin,
Söýen ýürek köp zatlardan uludyr

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Ýeke ýalan bolsa, biz ony bogsak
Çaga bolşuň bilen begendir meni,
Şatlygy-da undyp barýaryn, ýogsa

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Besdir, aýralyga bolmaýyn şahyr
Seni men dek,
menäm sen dek ykbalda
Ömürboýy, indi söýjek ýok ahyr


Ylham GURBANALYÝEW




Edebiýat, Venus23 tarapyndan 14

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика