SURATÇY
Miniatýura
Surata düşürýän adam ýerinde dur.
Şäheriň merkezi. Etrabara gatnaýan awtobusdyr kiçi awtobuslaryň säginip geçýän esasy duralgalarynyň biri. Eýläň kiçi bolmadyk bazar, beýläňem atynyň öňünde oturan şahyryň heýkeli goýlan giň meýdança, has dogrusy -- seýilgäh. Ikisiniň arasyndanam uly, uzyn ýol ýazylyp, süýnüp ýatyr.
Gyrarakda çep elini maňlaýyna tutup, gelmeli awtobusyna däl-de, durmuşyň düýbüne seredýän ýaly bolup ak sakally ýaşuly dur.
Gulaklygy arkaly diňleýän aýdymynyň lezzetini duýduryp bir gyz dur. Beýlerägindäki gyz bolsa (mümkin jorasy bilen düýnki söz aýdan oglanyň ýaranjak bolup aýdan sözlerini ýatlap) ýylgyryp telefonda gepleşip dur. Başga bir gyz şeýle dur. Onuň ýaldyrap duran dodaklaryna, düýbi görünip duran dury gözlerine, mähiri çogup duran ýüzüne seredenler bolsa şeýle durup bilmese gerek. Onuň bärrägindäki gyz köýnegindäki çog gyzyl bolup açylan bägüllerine jan berenini az görýän ýaly, ýol ýakasyndaky ösdürilen güllere gelşik berip dur.
Ýanýoda-da goýlan oturgyçda oturan iki sany daýza (mümkin eýýam dünýäni unudyp) gürrüň edip otyrlar.
Arkasyna portfel atynan, dolmuş göwresi sport eşiginden mesaňa mälim bolup duran oglan duralgaň ýanynda (mümkin sport mekdepleriniň birinden) gelip durdy.
Biri-birine söz bilen däl-de, ýylgyryş bilen jogap berip, uly ýoluň ugrundan ýaşlar geçip barýar.
Töwerege -- dünýä näçe höwes bilen baksalar-da ejeleriniň synyndan ýapyşmaklygy unutmadyk oglanjyk bilen gyzjagaz dur. Olaryň ejesi garaşýan awtobusyna gelýärmikä diýip bir gezek ýola göz gezdirse, iki gezek çagalaryna seredýär.
Gök-sökden ýüküni ýetiren bir aýal uly ýoldan geçip, duralga gelip duransoň derini süpürmek üçin elýaglyny çykarýar...
Heniz yşk heseri urmadyk, durmuş aladalary daramadyk okuwçy oglanjyklar arassa oglan duýgulary bilen özara oýun edip, gülüşip durlar.
Akja fartuklaryny şemala galgadyp duran gyzjagazlar bolsa (mümkin geçen hepdedäki alan bäşlikleriniň hasabyny aýdyşyp) ýylgyryp durlar.
Surata düşürýän adam bolsa du:r.
Hawa, ýöne onuňkam düşnükli.

20. 09. 2022. Mary



Edebiýat, W. P tarapyndan 18

  • Goklors Goklors off № 1 25 ноября 2022 11:59
    Düşnükli. Mary şäher gök bazaryň öňünde duran duralga. Adamlar hereketde, durmuş dowam etýär. Suratçy näme synlaýar?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика