Geçdigiçe geň göremok,
Adamlaryň haýrany kän
Tagam dadyp ýalanlardan,
Sakgyç edip çeýnäni kän

Gury ýerden iş bitenok,
Hantamadyr kömek eden
Bir gün meni taşlar diýip,
Gorkup ýörün kölegeden

Kelleleriň poslany hiç,
Batgalykda düşünjeler
Iki juwan gürrüňinde,
Üç müň sözde müň ejeler

Gülkinç görnen haýranlarma,
Durmuş meni iterip ýör
G:aljak bolup, çöp göwrede,
Daýawlary göterip ýör

"Söýdüm" diýlen "nobatçy söz",
Bu günki gün afişada
Mollasypat, "akyl öýi" -
Içi heňlän hapysa-da

Kiçi dilden "tüweleme" bar,
Görüplik bar ençe kalpda
Ynam indi gözlenip ýör,
"Ynam" atly dörtje harpdan

Bolmajaklaram bolup dur,
Tapawut ýok ertekiden
Garny doklaň, gözleri aç
Kanagat ýok bir, ikiden

Aýdylana geň görmäňem,
Aýdylmadyk zatlar köpdür...
Hakykaty aýtmasaň bor,
Senden gowy adam ýokdur...


YLham GURBANALYÝEW



Edebiýat, Venus23 tarapyndan 44

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика