Katarda Dünýä Kubogyny gazanan Argentinanyň super ýyldyzy Lionel Messä bolan söýginiň, janköýerligiň çägi ýok. Argentinanyň Kordoba welaýatynyň Los Kondores sebitinde daýhanlaryň biri mekgejöwen meýdanyna Messiniň portretini çekmegi başardy. Maksimiliano Spinazze atly daýhan: 1 – Men Messiniň ölemen janköýeri. Indi olar Dünýä çempiony. Menem şeýle etmek bilen öz hormatymy, söýgimi beýan etmek isledim – diýip, beýanat berdi. Ýörite geokodlamak tehnologiýasy arkaly 50 gektarlyk ýeriň bir bölegine çekilen surata ýokarda seredilende Messiniň portretini görmek bolýar.



Sport, picasso tarapyndan 21

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика