TELEPORTASIÝA

Teleportasiýanyň nämedigini biz çeper filimlerde we başga ýerlerde köp synlan bolsak gerek? Teleportasiýa bir ýerde ýitrim bolup, başga bir ýerde peýda bolmak. Eger teleportasiýa diýen zady alymlar amala aşyrmagy başarýan bolsalar, biz adamlar, göz açyp-ýumasy salymda, ýer ýüzüniň islendik ýerinde peýda bolup bilerdik. Bir bada göräýmäne teleportasiýa diýen zat ýerine ýetirip bolmajak fantastiki zada meňzeýär, dogrymy aýtsam meň özüm hem şeýle pikirde, ýöne internede sorag berseň, alymlaryň teleportasiýanyň üstinde işleýändikleri barada bilseň bolýar. Ylmy makalalara görä, teleportasiýany ylmy tarapdan amala aşyrsaň bolýar, we ýene bir näçe on ýyllyklardan soň, adamlara teleportasiýa diýen zat elýeter bolmalymyşyn?

★ Teleportasiýa janly tebigatda

Adamzat öz açyşlarynyň köpsini janly tebigatdan göçürýär. Islendik jandaryň başarýan zadyny, adam tehniki taýdan gaýtalap bilýär. Eger teleportasiýa diýen zat çyndan hem bar bolsa, ol hökman janly tebigatda duş geläýmeli, ol hakykatdan hem duş gelýärem. Günorta amerikada "Atta" diýip atlandyrylýan garynjalaryň görnüşi bar, ana şol garynjalaryň görnüşi teleportasiýany amala aşyrmaga ukyply. Şol garynjalaryň äpet ene garynjasy bolýar. Ol garynja ýeriň aşagynda bytnap bilmän ýatýar. Ol garynja diňe ýumurtga guzlaýar we iýmitlenýär. Haçanda alymlar ol ene garynja barýan ähli ýollary berk beklänlerinde, ol ene garynja bary ýogy bir näçe minutda ýitrim bolýar, we başga bir ýerde peýda bolýar. Alymlar ol ene garynjany reňk bilen hem bellik edip eksperimenti barlap görýärler. Garynja her gezek teleportasiýany amala aşyrýar. Elbetde alymlar Atta garynjaň bu täsin ukybyny öwrenerler we şol garynjaň teleportasiýa etmäge kömek edýän organyny taparlar, ol organyň tehniki kopýasyny ýasarlar, belki bu işlere ýene bir näçe ýüz ýyl gider?

★Teleportasiýa Kerimi Kuranda

Biziň döwrümiziň açyşlarynyň köpüsi, Kerimi Kuranda bar diýip belkem hemmeler eşdendir? Kerimi Kuran ebriologiýa we biýologiýada köp zady öňünden aýtdy. Ýazyp hem okap bilmeýän Muhammet Pygamber (s.a.w) beýle ylmy zatlary bilmäge hiç hili haky ýokdy, ýöne fakt, faktlygyna galýar. Indem Kerimi Kurandaky teleportasiýa meselesine geçeli. Süleýman Pygamberiň (a.s) döwründe, Saba ülkesinde bir patyşa aýal, öz halky bilen, Allaha dälde, güne çokunýan eken. Süleýman Pygamber bolsa öz döwründe musulman dinini ýaýradýan eken, (elbetde diplomatiýa bilen, eger bolmasa güýç bilen). Onsoň Suleýman, şol şa aýala Hudaýyň gudratyny görkezmek üçin, ol aýalyň tagtyny, öz oturan köşgüne teleportasiýa edýär. Başda teleportasiýany Suleýmana jynlardan biri (Ifrit atly pälwan) teklip edýär, ýöne ondan hem çalt, başga bir ylymly adam boýun alýar we şa aýalyň tagty, Suleýmanyň köşgünde peýda bolýar. Suleýman aýaldan soraýar, tagt seňkimi, aýal geň galyp meňki bolmaly diýýär. Şeýle usul bilen Suleýman ol şa aýala musulman bolmaga yrýar. Biziň ylymmyz güýçli we biz musulmanlar, —Süleýman diýýär eger ýalňyşmasam. Musulman adama Beýik Allah şeýle ylym berýär diýýän ýaly? Ol hakykatdan hem şeýle. Bu teleportasiýanyň nusgasy, Kerimi Kuranyň 27-nji süresinde agzalyp geçilýär. Indem biljek boluň süräň ady näme? Süräň ady "Garynja" (Arapça "Neml") Buňa tötänlikdir öýdýäňizmi? Menä beýle pikir edemok. Belkem teleportasiýa diýen zat, adaty adamlara elýeter bolynça bir näçe ýüz ýyl geçer, ýöne ol ylym (tehnalogiýa) iň soňunda elýeter bolanda, teleportasiýa garynjalaryň dahyllydygyny ilki bilen Kerimi Kuran agzap geçdi diýerler. Ylmy işler bilen mundan öň hem şeýle bolşy ýaly, Kerimi Kuran, ylymdan bir ädim öňde barýanyny ýene bir gezek subut eder.

©Rahman Zulfikarow



Bilim, Khanture tarapyndan 51

  • Dowsypat. Dowsypat. off № 1 24 января 2023 09:23
    Şu "jyn" sözi araplara bizdäki "döw"sözünden geçýär.Araplaryň "Müň bir gije" ertekisi hem aslynda "Horasanyň dini rowaýatlary" bolmaly.
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 3 24 января 2023 15:32
    Şu wara, Rahman aga kellämi bulaşdyrjak bolýar. Birde ol a.teist ýaly, birde-de musulman. Şuladamyň ynanjy nämekä?!
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 4 24 января 2023 15:33
    .x_xXx_x.
    Rick and Morty multifilimi ýadyma düşdi

    Ýer-ow gardaş, bamyň sen?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 24 января 2023 15:36
    Vekil_City,
    Rahman agany Kuran musulmany diýip pikir edýän menä, anyk bilemok. Menem sünnilikden çykyp, Kuran musulmany bolmagy pikir edip ýörün.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 6 24 января 2023 15:37
    Vekil_City,
    https://biz.islenen.ru/22006-name-yok-uzmir-ft-m1nor-rep-sozleri-terjime.html muňada bir aýlan 😁
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 24 января 2023 15:43
    Vekil_City,
    Sünnilikden çykjak Kuran musulmany boljak diýen ýazgymy @Hemedany okasa şok bolmasada bäri ýany bolar diýip pikir edýän...
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 8 24 января 2023 17:25
    Kuranam bize gelip ýetinçä million gezek üýtgedildi. 7-8-nji asyrda çykan original Gurhany-Kurany görkezip biljek barmy? Adamlary oýnatgydyr hasap edýärler.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 24 января 2023 17:36
    Ependi,
    Üýtgedilendigne subutnamaňyz barmy?
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 10 24 января 2023 18:14
    Khanture
    Vekil_City,
    https://biz.islenen.ru/22006-name-yok-uzmir-ft-m1nor-rep-sozleri-terjime.html muňada bir aýlan 😁

    Myrryhym atlandy okap. Okadyma dostum )) Agşam boşaşamda jogap ýazjak ))
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 11 24 января 2023 18:17
    Khanture
    Vekil_City,
    Rahman agany Kuran musulmany diýip pikir edýän menä, anyk bilemok. Menem sünnilikden çykyp, Kuran musulmany bolmagy pikir edip ýörün.

    Düzgünlerinde tapawut barmy?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 12 24 января 2023 18:23
    Vekil_City,
    Yslam diňe şaýy sünni bölünenok. Şaýy, sünni, Kuran musulmanlygy, Ahmedilik, Zahyrylyk, Batynylyk, Wähhäbilik (wahabistler 🤣), Mezhepsiz musulmanlyk.... kop mezheplere bolunen...
    Kuran musulmanlygy diňe Kurana daýanýar Pygamber hadyslaryna şübheli garaýar (Sebäbi toslama hadyslar hem goşulan). Erkek sünnetleme garşy (Ýagny Gurhanda erkekleri sünnetläň diýen buýruk ýok tersine, Allaň ýaradyş şekline garşy çykmaň diýen buýruk bar) Kuran musulmanlary şaýy we sünni musulmanlar tarapyndan tankytlanyp, hadys iňkärçileri, dinsizler we kapyrlar diýlip hasaplanýar
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 13 24 января 2023 19:00
    @Khanture, "men näme diýän, dutarym näme diýä" myňaý, ýokarda aýdyp dura, 100 ýyla garantýa ýok. Ýokardaka, bir multfilmi görüp täsirlenen. Kakoýto, garynjalary dokazat etjek bolýar.

    Seňki, @hantöre, ýeri tekizläber:) Şonçada üstüňden gülen kän bolar. Mediýa üçin, Siz ýaly oýnatgylar hökman gerek.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 14 24 января 2023 19:03
    Ependi,
    Ýo bolýa, sen maňa üýtgedilendigni subut et. Ýagny tapawutly iki sany Kuran görkez 😁 men saňa has gadymky Kuranyň golýazmasynyň skanerlenen suratyny gorkezeýin 🙂
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 15 25 января 2023 00:14
    Vekil_City
    Şu wara, Rahman aga kellämi bulaşdyrjak bolýar. Birde ol a.teist ýaly, birde-de musulman. Şuladamyň ynanjy nämekä?!


    Assassins
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 16 25 января 2023 00:16
    Khanture
    Vekil_City,
    Rahman agany Kuran musulmany diýip pikir edýän menä, anyk bilemok. Menem sünnilikden çykyp, Kuran musulmany bolmagy pikir edip ýörün.


    Ynanç diýilýän zada kellä geýdiňaý Gantura
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 17 25 января 2023 00:18
    Ependi
    Kuranam bize gelip ýetinçä million gezek üýtgedildi. 7-8-nji asyrda çykan original Gurhany-Kurany görkezip biljek barmy? Adamlary oýnatgydyr hasap edýärler.


    ''Üýtgedildi Gurhan diýip öwret'' diýip ýörenleriň elinde özüň oýnatgy bolup ýören bolsaň näme? Biz nä bileli seň bu aýdýan zadyň çynmy-galatmy?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 19 25 января 2023 00:34
    Jekwarabey
    Khanture
    Vekil_City,
    Rahman agany Kuran musulmany diýip pikir edýän menä, anyk bilemok. Menem sünnilikden çykyp, Kuran musulmany bolmagy pikir edip ýörün.


    Ynanç diýilýän zada kellä geýdiňaý Gantura


    Aýaga geýmesek şükür et.
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 20 25 января 2023 10:26
    @Khanture, hany görkezsene? Men garaşýan. Ýöne gemiräýme, kakoýto surat goýup aldajak bolsaň, özüň masgara bolarsyň. Şu mowzuk hakyndaky şol asyrda açylan deli-li tapda getir. Ssylkasynam goý. Ana şonda ynanan bolmagym ahmal, göwnüň üçin.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 21 25 января 2023 10:33
    Ependi,
    Men saňa mowzuk hakyndaky delil diýmedim. Kuranyň gadymy nusgasy diýdim
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 22 25 января 2023 10:35
    Ependi,
    Mowzuk baradaky delili isleseň муравей атта телепортация diýip ýazda googlede gözledip okaber.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 23 25 января 2023 10:36
    Ependi,
    Senem Kuran üýtgedilen diýeniň üçin iki sany tapawutly Kuran görkez
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 24 25 января 2023 11:05
    @Khanture, özüňe ynamyň ýokda onda? Men nämüçin görkezeýin ýada subut edeýin saňa? Yslamyň goragçysy bolsaň, ynamyň bolsa, özüň subutla, ýada goşulma.

    Subutlama meýlim ýok, subut edilen ýaly. Kellesi normal adam üýtgeşik däl.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 25 25 января 2023 11:14
    Ependi,
    Men ynamym bar Kuran sebäbi elime düşen golýazmalaryň skanerlerini başdan aýak yzarlaýa şo bir sözler. Üýtgeşik zat ýok. A sen gelýäňde "Kuran üýtgedilen" diýýäň hiç hili subutnamasyz. Hatda iki tapawutly Kuran hem görkezip bileňok.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 26 25 января 2023 11:17
    Ependi,
    Ýene utanmanam million gezek üýtgedilen diýýär 🤣🤣🤣 hany onda bir giden tapawutly nusgalar?
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 27 25 января 2023 12:12
    @Khanture, sen eýläk ýat, beýläk zat, Kuran üýtgedilmedik bolsa subut ederdiň.

    Ikinji bilenem, ýokarda ýene bir mowzuk açypsyň, Süleýman pygamber hakynda. Şol waka ynanýaňmy özüň? Ynamyň ýoklugy özüňede mälim. Şeýle ýazgylary ýoýup, ertekileşdirip ýören kimler? Ýene sen ýalylar. Bärde meni utandyrjak bolma. Günä, şol zatlary ýoýýanlarda, ertekileşdirýänlerde.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 28 25 января 2023 12:20
    Ependi,
    Kuranyň üýtgedilmedigini men näme üçin subut etmelimişim, Kuran üýtgedilen diýip dawa edýän özüň, diýmek sen subut etmeli üýtgedilendigni.
    Howwa men şol ýazylanlara ynanýan, barmy başga soragyň?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 29 25 января 2023 12:23
    Ependi,
    Eger Kuran üýtgedilen bolsa birtopar tapawutly Kuran nusgalary bolardy, gynansakda tapawutly nusgalar ýok. 🙂 Ählisi Osman mushafyna görä tapawut diňe hat stilinde biri Kufi hatynda, biri Härekeli Kuran elipbiýinde. Ýagny bir kitabyň latyn we kiril elipbiýinde bolşy ýaly.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 30 25 января 2023 12:27
    Ependi,
    Meselem Injil üýtgedilen kitap. Onuň ýüzlerçe tapawutly nusgalary tapyldy Tomas Injili, Ýahuda Injili, Barnabas Injili... Ýene bir toparlar...
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 31 25 января 2023 14:03
    Aý borlaý, ertekä ýatdyň senem. Çynyňy gürläýhow arasynda? Ýekeje deliliňe ynanjak welin, şonam edeňok. Kelläňi başga ýerlere sokup, aldajak bolýaň.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 32 25 января 2023 14:12
    Ependi,
    Ýörite blog açdym sen üçin 😁
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 33 25 января 2023 14:14
    Ependi,
    Men elime ilen Kuran kitabyny derňeýän, sen bolsa derňäňok, arap elipbiýinde okap bilenok, barlag edenok ýene nämä esaslanyp gürlän bolýaň?
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 34 25 января 2023 17:34
    Näme üçin okaýyn? Kakoýto araplaň ertekisi kime gerek? Sen türkmen dälmi? Graždan adam, ýörite raýatlyk berilen. Okaber, okama diýemok, ýöne, nol ekeniň Sen. Million blog açaý meň üçin, bildirenok. Dogry zady ýüzüňe goýulanda, erkek ýaly jogap bermegi başaf. Şonam edibilmediň.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 35 25 января 2023 17:39
    Ependi,
    Sen özgerdilen diýip dawa edýäň, näme sebäpden edýäň, okamagy bilmäniň üçin edýän tupoýlygyň üçin edýän. Senem dawa edişine görä üýtgedilendigni erkek bolup maňa görkezerdiň mena elimden geldigiçe görkezdim. Senä diňe gepi uzatmakdan başgasyna ýaramadyň
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 36 26 января 2023 23:49
    Ependi
    Näme üçin okaýyn? Kakoýto araplaň ertekisi kime gerek? Sen türkmen dälmi? Graždan adam, ýörite raýatlyk berilen. Okaber, okama diýemok, ýöne, nol ekeniň Sen. Million blog açaý meň üçin, bildirenok. Dogry zady ýüzüňe goýulanda, erkek ýaly jogap bermegi başaf. Şonam edibilmediň.



    Kuran üýtgedilen diýmek üçin dokazat etmegiň gerek welin, @Ganturadan üýtgedilmedigine degişli dokazatelstwa soraýaňlaý körpe! Munyňa adalatsyz bolýar.
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 37 26 января 2023 23:51
    Ependi
    @Khanture, özüňe ynamyň ýokda onda? Men nämüçin görkezeýin ýada subut edeýin saňa? Yslamyň goragçysy bolsaň, ynamyň bolsa, özüň subutla, ýada goşulma.

    Subutlama meýlim ýok, subut edilen ýaly. Kellesi normal adam üýtgeşik däl.


    @Gantura, näme ''Men yslamyň goragçysy!'' diýdimikä? Diýen bolsa onam dokazat etmeli bolýaň-da Hoja Nasretdin Ependi!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика