Zübeýda naçarym diňle
Kalbymda armanym galdy.
Magtymguly Pyragy.

Gulak sal derde-dermanym
Arzuwum küýümde galdy.
Meniň bagt ýazylan permanym
Dünýäniň teýinde galdy.

Hak goldar päli pesligi
Unutma ynsan kesbiňi
Adam götermez mesligi
Şar-gara goýunda galdy.

Dost kylma gahar-gazaby
Bolýandyr alna ýazany
Unutma Allaň nazary
Palçygyň eýinde galdy.

Bu ömür süýji zatdygyn
Duýdurar dertden datdygyň
Käbämiň ähli şatlygy
Agamyň toýunda galdy.

Ötdi kalby dilenleri
Ýetdi Haka dileglerim
Çyn ýürekden gülenlerim,
Ejemiň öýünde galdy.

Ýanarsyňda ýetmez dadyň
Tutaşsa kalbyňda oduň
Wah, meň yşkdyr öýden zadym,
Çyn kibi oýunda galdy.

Ýetensoň takdyr gaýgysy,
Dadyn ýitirer duýgusy
Gülşiriniň hak söýgüsi,
Murgabyň boýunda galdy.
Gülşirin Hanowa



Täzelikler, kone natanysh tarapyndan 24

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика