Üýtgedip bilmen ýazgydy
Men saňa aglama diýmen.
Bir goşgudan.

Ýaşalandyr günler, ömür,
Üzük-ýoluk bolan göwün
Mert bolup bilemok şu gün
Sen maňa aglama diýme.

Düýşe meňzeş bagtyň haly,
Hyýalyňa salýa ýoly
Göwnüm biraz giňär ýaly,
Sen maňa aglama diýme.

Aklyma sygsada älem
Özüm, özüme nämälim
Şükür düzüw niýet-pälim
Sen maňa aglama diýme.

Käbir dert bar ötmesi ýok,
Käbir gussaň söhbedi ýok,
Bu bir yza möhledi ýok
Sen maňa aglama diýme.

Men bir zat aýdaýyn saňa,
Gözýaşlar ýöne bahana.
Käte sygamok jahana,
Sen maňa aglama diýme.

Ýazgydyň bolsada belli,
Aýralyk bagrymy dildi,
Ejemi göresim geldi,
Sen maňa aglama diýme
Gülşirin Hanowa




Täzelikler, kone natanysh tarapyndan 48

  • Soho Soho off № 1 24 января 2023 18:06
    agla, suw-sil edip jahany...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика