Ilki bellä geçmeli bir zat bar. Ýalan sözlemekligi 2 topara bölýärler:

1. Patologiki ýalanlar;
2. Ak ýalanlar.

Patologiki ýalan näme we onuň patologiki ýalan sözleýändigini nädip bilip bileris?
Patologiki ýalan – kimdir biriniň duýgusyna zyýan ýetirmezlik we olara zyýan bermezlik üçin aýdylýan ak ýalan ýaly däl. Hiç bir sebäpsiz aýdylan ýalana patologiki ýalan diýilýär. Patologiki ýalançylaryň aýratynlyklaryny aşakdaky ýagdaýlary görkezýär:

• Adam utançdan ýa-da kynçylyk çekmek ýaly oňaýsyz ýagdaýlardan gaça durmak üçin ýalan sözläp biler, patologik ýalançy bolsa obýektiw peýdasy bolmadyk ýalanlary ýa-da hekaýalary aýdyp biler.

• Özlerini gahryman hökmünde görkezmek üçin şahsy üstünlikleri hakynda gürleşýärler.

• Berilýän soraglara çalt jogap berýärler, ýöne berýän jogaplary köplenç düşnüksiz bolýar.

• Patologiki ýalançylar ajaýyp kyssaçylardyr. Olaryň ýalanlary gaty jikme-jikdir.

• Ýalan sözleýän bu ýalançy gaty ynandyryjy bolup biler.

• Käwagt özlerini gurban hökmünde-de görkezip bilerler.

• Duýgudaşlygyna ýa-da kabul edilmegine gönükdirilen ýalanlary aýdyp hem bilerler.

• Käwagt özleriniň aýdýan ýalanlaryna ynanýan ýaly.

• Owadan gürleýärler we nirde, nädip gürleşmelidigini has oňat bilýärler.

• Sorag berlende, soraga jogap bermezden üznüksiz gürleşip bilerler.

Ak ýalan näme?
Ak ýalan – käbir adamlaryň gündelik durmuşymyzda ulanýan ýalanymyzdyr. Has dogrusy, zyýansyz, erbet niýetleri öz içine almaýan ýalandyr. Mysal üçin, bir ýere gijä galanymyzda näme üçin gijä galandygymyzy aýtmagyň ýerine kiçijik ýalan sözleýäris. Bu ýagdaý hem ak ýalan kategoriýasyna girýändir.
Ýalan sözleýäni nädip tanamaly?
Kimdir birine sorag bereniňizde ikirjiňlenýän bolsa ýa-da soragyňyza «näme üçin bu soragy berýärsiň?» diýip, jogap berse beýnisinde size berjek ýalany barada azajyk pikir edýän bolmagy-da mümkin.
Ýalan sözleýän adama üns bilen serediň, sebäbi ýalan sözleýän adam stresde bolýar. Agzy gurap başlaýar we impulsy çaltlaşýar.



Täzelikler, Ahmall tarapyndan 55

  • Ahmall Ahmall off № 2 25 января 2023 13:58
    Ahmal ýalan sözleýän dälfir :)Mona Songz,
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика