Dermanam, doktaram gerek däl maňa.
Sözüňizem ýuwan, megerem ýalan.
Siziň-ä öýňüzde eziziňiz bar –
Gürleşiň, gülüşiň eneňiz bilen.

Siz maňa göwünlik berjek bolýaňyz.
Emma maňa peýdasy ýok, ynanyň.
Gussaň nämedigin bilmezdim menem
Gapdalymda duran çagy enemiň.

Gözüňize ýaş aýlanam bolýaňyz.
Ýöne tüýs ýürekden däldigi aýan.
Gowsy entek öýde eneňiz barka
Şony gözden salmaň,
Horlamaň,
Aýaň!

Soň bir gün giç bolar, ynanyň maňa,
Maňlaýňyza urup, ökünersiňiz.
Onsoň “Käbäm, meni bagşyla” diýip
Mazaryna baryp ýykylarsyňyz.

Bu eziz enemi elden gidirip
Meniň öz başymdan geçiren zadym.
Gündiz mahal-mahal irkilýän welin –
Enäň dili bilen tutulýar adym.

Ene jan!
Eje jan!
Ýoklugyňda-da
Meniň diriligim,
Namysym, haýam!
Diriler! Men size maslahat berýän
Demi gelip durka –
Enäni aýaň!



Edebiýat, ýüreksözi tarapyndan 51

  • Ependi Ependi off № 4 25 января 2023 10:53
    Düşnükli. Ýagny goşga goşulýan. Ýöne, bir wakany gürrüň bersem ynanarmyň? Ynanmarsyň, onam bilýän.

    Ejesi ýetişen ogluny öýerjek bolup hars urdy. Harsam uranok, entek sallançakda wagty ogly üçin gelin taýynlap goýdy. Dagowor edildi. Gepi uzatmaýyn, oglan ýetişdi, söýüşdi bir gyz bilen. Emma oňa ejesi öýermedi, başdaky dogowory alyp berdi. Oglan herzat etdi oňa öýlenmejek bolup, gyzam oňa barasy gelenok, oňam halaşýany bardy. Garaz, ikisini çatdylar. Iki çagasy boldy bulaň, soňam oňuşman aýyrlyşdylar. Ejesi geldi: guzym, men nä günlük bilen ýetişdirdim seni, kemala getirdim. Öýerdim. Indem munyň näme? - Boldy etsene eje, seňki mydama taýyn. Sen meni bu dünýä kösemek üçin indirdiňmi? Seňki bolmalyda meňki bolmaly dälmi? Aýt, saňa öňem-soňam ikilik eden bolsam. Ýöne, perzendiň gelejegini bize goýan bolsaň, bu maşgala başgaçarak bolardy. Ejesi diňarkan gaýtdy. Şolam soňy boldy.

    Indi, kim günäkär şunda?
    Jogap
  • Aksary. Aksary. off № 5 25 января 2023 10:57
    Ependi,
    Başga nokatdan.
    Pylanyñ ejesi adama ýamanlygy yokdy,neressäñ mañlaýynda bardyrda,paraliç bolaýypdyr diýýaler?
    Jogap
  • Abdylla33 Abdylla33 off № 7 25 января 2023 14:04
    ""Enañ dili bilen tutulyar adym".
    Jupine duşen setir.
    Umuman goşgy gowy cykypdyr. Ustunlik.
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 8 25 января 2023 14:14
    Öz goşgysy däl bi, ogurlyk. Sagbolsunan aýdýaňyzmy üstüne...)
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 9 25 января 2023 14:19
    Ependi,
    Oz gosgym diyen adama yokdy ogurlyk diyer yaly howa bir yerde okadym paylasdym nirwsi ogurluk bolya inni sun
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 11 25 января 2023 14:41
    ýüreksözi,
    Пайлашып говы элйарсиниз. Йоне авторыны билмесениз сразу гошгынын ашагына язайын индики гезек. Болмаса хер хили геп эшдилер дурар.
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 12 25 января 2023 14:49
    Meni utandyjak bolýaňmaý: "okadym paylasdym nirwsi ogurluk bolya inni sun". Idili teswir ýazyp, jogabama berip bileňok, oňly. Sen ýaljagy kän okatdym. Abraý özüňe gerek, ogurlyga munyň? Dälem diýip göräý ýene bir gezek? Garaşýan jogabyňa?

    Garaşýaaaa-aaaan...
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 13 25 января 2023 14:55
    Ogurluk bolsa gosgyny oz adyma gecirip birki yerini uytgedip goyardym asagyndanam oz adymy yazardym asagyndan avtor yok yadyma dusenok avtory tohmet atmakan pikirlen okuwynam mana dalde gitde seni dinleyan okuwcylarna ber men sana gowja jogaba bererdim welin yasyny ozini sylap zat diyemok bolmasa men sana jogabym nagt sen seyle ogurlyk diyesin gelip dilin gijap duran bolsa ogurlygyn manysyny owrenip gel
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 14 25 января 2023 17:08
    Maňa bildirýän zady ýok bujagaz gepleň, "ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar" edip utandyrjak bolýaňmy? Owalam biri kelle agyrdyp, zehin ýakyp ýazandyr-a bu goşgyny? Öz lygyň ýüzüňe gpýlup durka iňlebäňmi ýene? Okuwçylam sen ýaljaklar. Bildirýän zady ýok, ýaltanamok ýazmaga. Jogaplasaň ýetik.
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 15 25 января 2023 17:11
    Maňa bildirýän zady ýok bujagaz gepleň, "ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar" edip utandyrjak bolýaňmy? Owalam biri kelle agyrdyp, zehin ýakyp ýazandyr-a bu goşgyny? Öz lygyň ýüzüňe goýlup durka iňleýäňmi ýene? Okuwçylam sen ýaljaklar. Bildirýän zady ýok, ýaltanamok ýazmaga. Jogaplasaň ýetik.:
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 16 25 января 2023 17:14
    🤦🤣🤣🤣🤣🤣😂😂😂 bay gepe dusmez ekenina sen kosek ozine mollym gerek oty gayrat etEpendi,
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 17 25 января 2023 17:25
    Sen ýaljaklary awlamak mesele däl meň üçin. Ýüzüň utanman gülýäňemmi...)
    Jogap
  • Belki Belki off № 18 25 января 2023 17:52
    Ependi dogan, Aýnañ goşgyñ aşagyndan awtoryñ adyny goýmanlygy onuñ özüni awtor edip görkezenligini añlatmaýar ahyry.
    (dymyp oturybilmedim goşulanlygymy bagyşlarsyñyz)
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 19 25 января 2023 18:14
    Ependi
    Sen ýaljaklary awlamak mesele däl meň üçin. Ýüzüň utanman gülýäňemmi...)

    Sen yaly gepe dusman sol bir depen yerini depip duranyn ustunden gulmek mana utanc dal sen gayta her kimin goldap otyran zadyna biderek gurrun edip otyranyna ozun utan innem sana jogabymam yok sozumem degenok hicisinede so dereje kellesiz ekenin sana Alla akyl pikir bersin
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 20 25 января 2023 18:14
    Belki
    Ependi dogan, Aýnañ goşgyñ aşagyndan awtoryñ adyny goýmanlygy onuñ özüni awtor edip görkezenligini añlatmaýar ahyry.
    (dymyp oturybilmedim goşulanlygymy bagyşlarsyñyz)

    Dusundirda dusundirip bilsen
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 21 25 января 2023 20:19
    Aý borda. Şuň awtory "özüm" diýsem ynanarmysyňyz? Düşünjäňize döneýin...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler

Яндекс.Метрика